Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçiriler

Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň başlyklygyna saýlanmagyndan soň ilkinji gezek Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyna ýolbaşçylyk eder

742979
Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçiriler

Ýurdyň öz içindäki we daşary ýurtlardaky soňky wakalar ara alynyp maslahatlaşyljak ýygnagyň gün tertibiniň esasy meselesi terrora garşy göreş bolar.

Maslahatda şol çäkde ele alynjak çäreler maslahatlaşylar.

PKK, FETÖ we beýleki terror guramalaryna garşy göreşde ýetilen sepgitler ara alynyp maslahatlaşylar.

Adatdan daşary ýagdaý hem gün trtibiniň ileri tutulýan meseleleriniň biri bolar.

Maslahatda mundan başgada Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçen hepde geçirilen NATO-nyň Liderler maslahaty bilen Siriýada we Yrakda bolan soň wakalar hem ele alynar.



Degişli Habarlar