Türkiýe ABŞ-nyň kabul eden kararyna reaksiýa bildirdi

Müftüogly wakanyň ýüze çykmagyna sebäp bolan aşa we gödek hereketleriň düşündirişiniň hem berilmändigini belledi

739712
Türkiýe ABŞ-nyň kabul eden kararyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wekiller mejlisinde Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň bu ýurda guran saparynda Türkiýäniň ABŞ-daky ilçihanasynyň öňünde bolan hadysany ýazgarýan skandal karar taslamasynyň kabul edilmegine rekasiýa bildirdi.

Daşary işler ministrligi karar taslamasyny “Hakykaty ýoýýan we taraply bir karar taslamasy” hökmünde hasýetlendirdi.

Ministrligiň metbugat geňeşçisi Hüseýin Müftüogly beren ýazmaça beýanatynda: “Gyssagly kabul edilen karar taslamasyny ret edýäris” diýidi.

Prezident Erdoganyň ABŞ saparynda Türkiýäniň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňünde bolan wakanyň, berilen ençeme duýduryşa garamazdan ABŞ-nyň resmileriniň gerek bolan howpsyzlyk çärelerini almazlyklary sebäpli ýüze çykandygyny aýdan Müftüogly: “ABŞ-nyň resmileriniň saparyň beýleki etaplarynda alan giň-gerimli çäreleri näme üçin ilçihananyň öňünde almandyklary soragynyň jogaby hem ýokdyr” diýdi.

Müftüogly wakanyň ýüze çykmagyna sebäp bolan aşa we gödek hereketleriň düşündirişiniň hem berilmändigini belledi.



Degişli Habarlar