Türkiýe Britaniýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Prezident Erdogan “iňlis halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi

737495
Türkiýe Britaniýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

 

Prezident Erdogan Britaniýanyň Mançester şäherinde düýn gije guralan we köp sanly adamyň aradan çykmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Stambulda geçirlen dabarada söz sözlän Prezident Erdogan “iňlis halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýdi

Daşary işler ministrliginiň mesele hakyndaky beýanatynda: “Terror belasynyň dolulygyna ýok edilmegi üçin ýakyn dostumyz we hyzmatdaşymyz Beýik Britaniýa bilen birlikde tutanýerli göreşimizi dowam etdireriz. Mançester şäherinde guralan hüjümi ýazgarýarys” diýildi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem terrorçylykly hüjümde aradan çykanlar üçin Britaniýa gynanç bildirdi.

Çawuşogly Twitter arkaly beren beýanatynda “Mançesterdäki terrorçylykly hüjümi ýazgarýaryn, iňlis hökümetine we halkyna gynanç bildirýärin” diýdi.

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn hem Twitter arkaly beren ýüzlenmesinde “Mançesterde guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys, hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildirýäris” diýdi.

Kalyn Türkiýe bilen Britaniýanyň terrora garşy göreşmäge dowam etjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar