Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Nyşanalaryny hatardan çykaran harby uçarlar we uçarmansyz howa ulaglary harby merkezlerine gaýdyp geldi

733893
Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Yragyň demirgazygyna guralan howa hüjüminde ilkinji kesgitlemere görä, aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Zap we Metina etrapçalaryndaky harby merkezlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terrorçy toparynyň ýerini anyklady.

Harby uçarlar we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan howa hüjüminde aýralykçy terror guramasyna degişli harby bazalar, gowaklar we gaçybatalgalar nyşana alyndy.

Nyşanalaryny hatardan çykaran harby uçarlar we uçarmansyz howa ulaglary harby merkezlerine gaýdyp geldi.

 



Degişli Habarlar