Rejep Taýýip Erdogan Donald Tramp bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen geçiren duşuşygyndan soň geçirilen metbugat ýygnagynda iki ýurdyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsleri çekdi

733596
Rejep Taýýip Erdogan Donald Tramp bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan ABŞ bilen başda terror guramasy DAIŞ bolmak bilen ähli terror guramalaryna garşy jebisligi orta goýmagyň möhümdigini belläp: "Sebitimiziň geljeginde terror guramalaryna ýer ýokdyr. Esasan hem PÝD-ÝPG ýaly terror guramalary haýsy ýurt tarapyndan bolsa bolsun söhbetdeş hökmünde alynmagy global ylalaşyga bap gelmeýär" diýdi.

Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen geçiren duşuşygyndan soň geçirilen metbugat ýygnagynda iki ýurdyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsleri çekdi.

"Diýalog we raýdaşlygymyzy dowam etdireris. Bu saparymyz taryhy öwrülişik nokadyny emele getirer" diýen Erdogan: "Taryhy geçmişe esaslanýan Türkiýe-ABŞ gatnaşyklaryny ele aldyk. Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar umumy nukdaýnazarda özgerdi. Aramyzdaky gatnaşyklary güýçli tutmagymyz global parahatçylyk üçin wajypdyr. Esasan hem ABŞ bilen BMG we NATO ýaly guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris. Öňümizdäki döwürde diýalogy we jebisligi has hem artdyrmakda tutanýerlidiris" diýdi.

Duşuşykda Siriýada we Yrakda ediljek işleriň üstünde duryp geçendiklerini bellän Erdogan: "Sebitiň asudalygy üçin Türkiýe-ABŞ hyzmatdaşlygy örän möhümdir" diýdi.

Erdoğan: "Hormatly Prezidente 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň jogapkäri FETÖ babatyndaky tamalarymyzy açyk ýagdaýda düşündirerin" diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa: "Erdogan bilen duşuşmakdan hoşaldyrys" diýip sözlerine başlady.

"Terrora garşy göreşdäki täze duşmanymyza garşy iş salyşýarys" diýen Tramp: "Türkiýäni terrora garşy göreşinde goldaýarys" diýdi.

 


Etiketkalar: #Tramp , #Erdogan , #PÝD , #ÝPG

Degişli Habarlar