Begeç PKK-nyň we PÝD-niň zenanlary we gyz çagalary ekspluatirleýändigini mälim etdi

Türkiýäniň BMG-nyň hemişelik wekiliniň orunbasary Güwen Begeç aýralykçy terror guramasy PKK-nyň we onuň Siriýadaky şahasy bolan PÝD-niň DAIŞ we Boko Haram ýaly zenanlary we gyz çagalary ekspluatirleýändigini mälim etdi

732954
Begeç PKK-nyň we PÝD-niň zenanlary we gyz çagalary ekspluatirleýändigini mälim etdi

Güwen Begeç BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşindäki “Söweş zamanynda jynsy zorluk” atly oturlyşykda eden çykyşynda söweşiň zenanlaryň we gyz çagalaryň üstündäki erbet täsirlerine, artýan jynsy zorluk wakalarynyň söweş taktikasy we asuda ilata garşy sistematik hüjüm hökmünde ulanylýandygyna ünsleri çekdi.

DAIŞ we Boko Haram ýaly terror guramalarynyň zenanlara we gyz çagalara garşy edýän ýigrenji hereketleriniň ähli platformalarda ýazgarylmalydygyny aýdan Begeç: “Terror guramasy PKK/PÝD DAIŞ we Boko Haram ýaly zenanlary we gyz çagalary jynsy taýdan ekspluatirleýär, öz zenanlaryny zorlaýarlar, mejbury ýagdaýda hamyla goýýar, abort etdirýär” diýdi.

Siriýadaky jynsy zorluk wakalarynyň üstünde durup geçen Begeç jynsy zorluklaryň tapawutly toparlar tarapyndan söweş, terror we ezýet berme taktika hökmünde ulanylýandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar