Erdogan ABŞ-nyň PÝD/ÝPG hakyndaky tutumyny tankyt etmäge dovam edýär

Prezident Erdogan Hytaýda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi

732134
Erdogan ABŞ-nyň PÝD/ÝPG hakyndaky tutumyny tankyt etmäge dovam edýär

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG hakyndaky tutumyny tankyt etmäge dovam edýär.

Prezident Erdogan Hytaýda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Türkiýäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşdäki depgininiň govşakdygy hakyndaky soraglara jogap beren Prezident Erdogan ”ABŞ terror guramasy DAIŞ hovpyna göz ýetirmezden ozal Türkiýe şol hovpa garşy göreşmäge başlady” diýdi.

Prezident Erdogan “Terror guramasyna garşy tutanýerli tutum alyp barandygymyz üçin terror guramasy DAIŞ çykgynsyz ýagdaýa geldi” diýdi.

Prezident Erdogan “Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde başga terror guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, halkara hyzmatdaşlygyň ve ABŞ-nyň abraýyny ýok etmek diýmekdir” diýdi.

“Bu ýerde ÝPG-ä ve PÝD-ä mätäçlik ýok. Olar terror guramasydyr” diýen Prezident Erdogan “DAIŞ-e garşy göreş üçin ÝPG bilen hyzmatdaşlyk etmek aslynda halkara hyzmatdaşlygyň ve ABŞ-nyň abraýyny ýok etmekdir. Biz NATO agza ýurtlar ve Saud Arabystanynyň başda durmagynda Katar, Livan ve İýordaniýa bilen birlikde DAIŞ-e garşy göreşip bileris. ÝPG/PÝD-siz hem göreşimiz dovam eder. Biz muny Jarablusda, Dabykda, Raide ve Al Babda subut etdik. Munbiçde ve Rakkada hem subut ederis” diýip belledi.

Terror guramasy DAIŞ-iň yslam bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny nygtan Prezident Erdogan terror guramasynyň yslam üçin gara tegmildigini sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar