Erdogan 16-njy maýda Ak Tamda Tramp bilen duşuşar

Prezident R. T. Erdogan 16-njy maýda Ak Tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşar

730081
Erdogan 16-njy maýda Ak Tamda Tramp bilen duşuşar

Ak Tamdan berlen beýanatda  Prezident Trampyň 16-njy maýda Prezident Erdogany kabul etjekdigi nygtaldy.

Ak Tamyň mesele hakyndaky ýazmaça beýanatynda duşuşykda iki lideriň iki taraply gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşjakdygy ýatladyldy.

Prezident Erdogan 20-njy aprelde beren beýanatynda Hytaý Halk Respublikasyna gurajak saparyndan soň maý aýynyň 16-17-si aralygynda ABŞ-na gitjekdigini we Tramp bilen duşuşjakdygyny aýdypdy.

 

 



Degişli Habarlar