Prezident Erdogan Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

Prezident Erdogana Jamia Millia Yslam uniwersitedinde Hormatly doktor atly ýokary derejeli ylmy at berildi

723646
Prezident Erdogan Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi bilen duşuşdy
cumhurbaşkanı, hindistan 3.jpg

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Erdogan Türkiýäniň terrora garşy göreşde Hindistan bilen jebislik içindedigini aýdyp: "Terrorçylar döken ganlarynyň içinde gark bolarlar. Terror guramalarynyň ygtyýarymyza gandal goýmagyna pursat bermeris" diýdi.

Erdogan duşuşykda Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamy barada maglumat berip: "Bu arkasy garaňky ulgam dünýäniň iň howply, iň gazaply guramasydyr. Hindistanyň aljak çäreleri bilen FETÖ-ni dolulygyna ýurtdan çykarjakdygyna ynanýaryn" diýdi.

Prezident Erdogana Jamia Millia Yslam uniwersitedinde Hormatly doktor atly ýokary derejeli ylmy at berildi.

Türkiýäniň Prezidenti ol ýerden eden çykyşynda BMG-nyň we esasan hem BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň gurluşynyň iň gysga wagtda üýtgedilmeginiň zerurdygyny belläp: "BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinden näme garaşýas? Adalat. Emma BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde adalat barmy? Çürt kesik ýok" diýdi.

"BMG-na garamazdan milliona golaý adamy öldüren, dewlet terrorryny alyp barýan Asad entegem Siriýanyň başynda bolsa, mundan beýläk diýip boljak başga zat ýok" diýen Erdogan: "Barrel bombalardan, himiki ýaraglardan, beýleki ýaraglardan gaçan adamlara Türkiýe ýene-de gapysyny ýapmaz" diýdi.

 



Degişli Habarlar