Milli Howpsyzlyk geňeşi Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi barada karar kabul etmedi

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň berlen ýazmaça beýanatda Ýewropa bilen edilýän gatnaşyklara we terrora garşy göreşe üns çekildi

702110
Milli Howpsyzlyk geňeşi Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi barada karar kabul etmedi

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda möhledi 19-njy aprelde gutarýan Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy hakynda hiç hili karar kabul edilmedi.

Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanygyndan soň yglan edilen Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň möhledi oktýabr we ýanwar aýlarynda uzadylypdy.

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň berlen ýazmaça beýanatda Ýewropa bilen edilýän gatnaşyklara we terrora garşy göreşe üns çekildi.

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň jarnamasynda, “Soňky günlerde türk syýasatçylaryna we döwlet adamlaryna garşy käbir Ýewropa ýurtlarynda alnyp barylýan gelşiksiz çemeleşme halkara hukuk kadalaryna we diplomatiýa bap gelmeýär. Döwletimiz fiziki hüjümlere sezewar bolan raýatlarymyzyň hak-hukuklaryny goramak üçin degişli çäreleri görer” diýildi.

Jarnamada “Ýurdumyzyň serhet howpsyzlygyny üpjün etmek, terror guramasy DAIŞ tarapyndan abanýan howpyň we hüjümleriň öňüni almak, ýerini, ýurduny terk eden Siriýaly doganlarymyzyň ýurtlaryna dolanmaklaryna pursat döretmek we asuda ýagdaýda ýaşamaklary üçin başladylan Ýefrat galkany operasiýasy öz işini netijeli ýagdaýda tamamlady” diýildi.

Jarnamada şeýle hem “Siriýada we Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde PKK/PÝD-ÝPG terror guramalarynyň ulanylmagy, sebitde asudalygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegine goşant goşup bilmez.  Sebitdäki terror guramalaryna garşy tutanýerli göreşini dowam etdirýän Türkiýäniň terrorçy hökmünde yglan eden guramalaryna, hyzmatdaşlarymyzyň pul, ýarag, harby enjam kömegini bermeginiň dostlukly gatnaşyklara zeper ýetirjekdigi” diýildi.

 



Degişli Habarlar