Sirýadan Türkiýä raketalar we minomýotlar bilen hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygynda aýralykçy terror guramasy PKK-nyň goly bolan PÝD/ÝPG-niň gözegçiligi astyndaky ýerlerden Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale etrabyndaky serhet birikmelerine hüjüm guraldy

722156
Sirýadan Türkiýä raketalar we minomýotlar bilen hüjüm guraldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinden berilen beýanatda 11 aýry serhet birikmesine 13 gezek hüjüm guralandygy mälim edildi.

Hüjümlerde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bolmandygy aýdylýan beýanatda halkara düzgünlere görä hüjüme garşylyk görkezilip, artykmajy bilen hüjüm guralandygy habar berildi.

Beýanatda terror guramasy PÝD/ÝPG-niň hüjümleriniň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Sinjar we Siriýanyň Karaçok Dagy sebitlerine guralan howa hüjümlerinden soň guralandygyna üns çekildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri mundan başgada terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigini nygtady.

Beýleki tarapdan bolsa köp sanda esger we harby ulag sebite iberildi.



Degişli Habarlar