Türkiýe Çehiýanyň kararyny ýazgardy

Türkiýe 21915-nji ýyldaky wakalar” barada 25-nji aprelde Çekiýanyň Wekiller palatasynda kabul edilen “gyrgynçylyk” kararyny berk ýazgardy we ret etdi

721331
Türkiýe Çehiýanyň kararyny ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Çehiýanyň Prezidenti Milos Zemanyň “1915-nji ýyldaky wakalar” barada ýurdundaky ermeni jemagatyna ýüzlenip ýazylan we möhüm çaprazlyklary bolan hatyna-da nägilelik bildirildi.

Beýannamada; “Prezident Zeman hatynda bir tarapdan taryhyň syýasatçylar tarapyndan analiz edilmeli däldigini, syýasatçylaryň taryhy wakalary syýasy bähbitlerine laýyklykda peýdalanýandygyny nygtap, geçmişiň ilkinji nobatda taryhçylar tarapyndan öwrenilip, analiz edilmelidigini beýan edip, beýleki tarapdanda öz sözlerine bap gelmeýän syýasy analizler berýär” diýildi.

Beýannamada; “taryhy hakykatlara we hukugyň kadalaryna aç-açan ters gelýan syýasy çemeleşmelere bildirilen reaksiýanyň” Çehiýanyň Türkiýedäki ilçisine beýan edilendigi nygtalýar.

 



Degişli Habarlar