Fikri Yşyk: “PKK Türkiýede hüjüm gurap bilmejek ýagdaýa geldi” diýdi

Türkiýäniň Goranmak ministri Fikri Yşyk Türk howpsyzlyk güýçleriniň üstünlikli operasiýalarynyň netijesinde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Türkiýede hüjüm gurap bilmejek ýagdaýa gelendigini belledi

720875
Fikri Yşyk: “PKK Türkiýede hüjüm gurap bilmejek ýagdaýa geldi” diýdi

Yşyk 2016-njy ýylyň 23-nji iýulyndan bäri 10100 terroçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini belläp, Türkiýäniň 35 ýyllyk terrora garşy döwründe iň şowly döwriniň bolandygyny mälim etdi.

Erjellik bilen dowam etdirilýän operasiýalar bilen terror guramasy PKK-nyň süňňüniň gowşandygyny aýdan Fikri Yşyk: “Bu şowly operasiýalar soňky wagtlarda ýola goýulan güýçli utgaşyklyk arkaly ýerine ýetirildi. Indi harbylar, polisiýa işgärleri we ýurdyň razwedka gullugy operasiýalary utgaşykly alyp barýarlar. Onuň hem miwelerini almaga başladyk. Häzirki wagtda terror guramasy Türkieýde hüjüm gurap bilmejek ýagdaýa geldi. Häzirki wagtda diňe elde ýasalan bombalary we minalary partladyp bilýär. Göreşimiz erjellik bilen dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar