Türk ýaragly güýçleri Zap etrabyna operasiýa gurady

Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Zap etrabynda terror guramasy PKK degişli pozisiýalara howa operasiýasyny gurady

712500
Türk ýaragly güýçleri Zap etrabyna operasiýa gurady

Baş ştabdan berilen maglumata görä düýn agşam Zap etrabynda ýerleşýän baza hüjüm gurama taýarlyk görýän terrorçylaryň bardygy anyklandy.

Geçirilen howa operasiýasynda terror guramasyna degişli 5 sany gaçybatalga, 2 sany buky bilen ýarag pozisiýalary hatardan çykaryldy.

Operasiýadan soň harby uçarlar bazalaryna dolanyp geldi.


Etiketkalar: #operasiýa , #Zap , #harby uçar , #baza

Degişli Habarlar