Kalyn: “Adam hukuklary goraýjy ýewropalylar nirede?”

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn ÝB-ni Siriýadaky pajyga hiç hili reaksiýa bildirmeýändigi sebäpli tankyt edip; “Adam hukuklaryny goraýjy ýewropalylar nirede” diýdi

706772
Kalyn: “Adam hukuklary goraýjy ýewropalylar nirede?”

Başar Asadyň İdlibde himiki ýaraglar bilen eden gyrgynçylygyndan soň Türkiýäniň eýe bolan mümkinçiliklerinden we ukyplaryndan peýdalanmak üçin gije-gündiz tagalla edýändiklerini nygtan Kalyn: “Prezident R.T.Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirip, meseläniň gyssagly seljerilmelidigini aýtdy” diýdi.

Kalyn: “Siriýanyň hökümetine çäre görülmeli, hökümete täsir ýetirip biljek ähli taraplar dessine işe girişip, pajyganyň öňi alynmaly. Biz adam hukuklaryndan, adamkärçilikden, ýaşaýyş hukugyndan we beýlekilerden söz edýän ýewropalylar nirede? Bir-iki beýannamadan başga zat görýäňizmi? Ýok. İň erbedi bosgunlar meselesinde nähili başarnyksyz bolandyklaryny bütin dünýä gördi, indi öz özlerini tankyt edýärler. Hawa, biz bosgunlar meselesinde başarnyksyz bolduk diýýärler” diýdi.



Degişli Habarlar