Erdogan: “Dönükler öz duzaklaryna düşmäge dowam eder”

Prezident R.T.Erdogan dönükleriň öz duzaklaryna düşmäge dowam etjekdigini aýtdy

704857
Erdogan: “Dönükler öz duzaklaryna düşmäge dowam eder”

R.T.Erdogan Rize welaýatynda köpçülikleýin açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada söz sözlän Erdogan: “Sizin goldawyňyz bilen dönükleri öz duzaklaryna düşürmäge dowam ederis. İndi şuny bütin dünýä bilýär. Bu milletiň ygtyýary jylawlanmaz. Bu millet diňe nomazda egiler, seždede dyza çöker, başga hiç kimiň öňünde boýun egmez” diýdi.

Erdogan: “4-5 ýewropaly faşistiň, 1-2 sany gopbamsynyň bu ýurduň buýsanjyna äsgermezçilik etmegine ýol bermeris” diýdi.

Şeýle dönükligi diňe aňyny, namysyny we imanyny Pensilwaniýadaky şarlatana 1 dollara satan mankurtlaryň edip biljekdigini aýdan Erdogan: “İndi utanman çykdylar, eden işlerini inkär edýärler. 249 şehidimiziň hasabyny berersiňiz. 2,193 gaýrymanymyz bilen 15-nji iýul gijesi ýene-de bir gezek gahryman bolan bu millet bilen oýun edýärler” diýdi.



Degişli Habarlar