Ýyldyrym: “Ýewropa Türkiýäniň ösmegini islemeýändigi üçin göriplik edýär”

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Kars welaýatynda halka ýüzlendi

703220
Ýyldyrym: “Ýewropa Türkiýäniň ösmegini islemeýändigi üçin göriplik edýär”

Premýer ministr Ýyldyrym: “Türkiýäniň ösmegini islemeýärler. Türkiýäniň özüniň içerki işleri bilen meşgul bolmagyny, güýjüni ýitirmegini isleýärler. Olar bolsa Türkiýäni isleýişleri ýaly ulanmak isleýärler. Türkiýe olaryň jübülerine akýan pullary kesdi, olara akýan pullar durdy, pullar ýurtda galmaga başlady, ana şondan soň günbatarlylar herekede geçdiler, howplar bilen, agdarlyşyklar bilen milletimize ýol çyzmaga synanyşdylar. Türkiýe bolsa oňa boýun egermi, elbetde egmez” diýdi.

Binali Ýyldyrym: “Ýewropada Taýýip Erdogan diktator diýip afişa asýarlar, näme üçin? Sebäbi Taýýip Erdogan ýurdunyň baýlyklarynyň alynmagyna rugsat bermeýär. Dünýäniň iň uly howa menzilini gurýar. Dünýä bazarlaryndan ýurduna has köp girdeji getirýär. Ine şonuň üçin 16-njy aprel möhüm. 16-njy aprelde hawa diýmek has güýçli Türkiýä, has çalt galkynyşa, terrory ýok etmäge, doganlyga, birlige, jebislige hawa diýmekdir” diýdi.

Premýer ministri Binali Ýyldyrym: “Ählimiz Rejep Taýýip Erdogana howp salan ýurtlaryň ýurda howp salýandygyny bilýäris” diýdi.



Degişli Habarlar