Numan Kurtulmuş 5 huntaçyny kabul eden Norwegiýa nägilelik bildirdi

Wise-premýer Numan Kurtulmuş 1-i harby wekil bolan 5 huntaçynyň penalyk talabyny kabul eden Norwegiýa nägilelik bildirdi

696763
Numan Kurtulmuş 5 huntaçyny kabul eden Norwegiýa nägilelik bildirdi

Kurtulmuş Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda Fetullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň Norwegiýa ýerleşen şol adamlaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi barada isleg bildirilendigini mälim etdi.

Numan Kurtulmuş: “Bu edilýänler FETÖ diýilýän toparyň arkasyny tutmak, olary goramakdyr. Ony kabul etmeýändigimizi bellemek isleýärin. Ýewropa ýurtlaryna baran we belki öňümizdäki döwürde hem barjak FETÖ-jileriň iň tiz wagtda Türkiýä gaýdyp berilmegi, Türkiýe bilen şol ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň borjudyr” diýidi.

Kurtulmuş: “Norwegiýada agdarlyşyk synanyşygy bolsa, ol ýerdäkiler Türkiýe gelse nähili hereket edilmek islenýän bolsa, şolar ýaly hereket edilmegine garaşýarys” diýip belledi.



Degişli Habarlar