Prezident Erdogan Nowruz baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti dünýäniň gaýgyly günleri başyndan geçirýändigini belläp: "Nowruzda bolşy ýaly täzeden direlmek ruhuna berk ýagdaýda eýe çykmalydyrys" diýdi

695336
Prezident Erdogan Nowruz baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Erdogan 21-nji mart Nowruz güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Türkiýäniň Prezident R.T. Erdogan Nowruzyň giň geografiýada doganlygyň we dostlugyň günüdigini ýatladyp, sebit we dünýä parahatçylygy üçin asudalyk we bagtyýarlyk getirmegini diledi.

Erdogan ýüzlenmesinde dünýäniň demokratiýa, hukuk, azatlyk ýaly düşünjeleri iş ýüzüne geçiren şol gymmatlyklary ulgamlaşdyranlar tarapyndan hyýanat edilen gaýgyly günleri başyndan geçirilýändigine ünsleri çekdi.

Prezident: "Medeniýet düşünjämizi aýyrmaga çalyşýanlara garşy öz taryhymyzdan we däp-dessurlarymyzdan alýan güýjimiz bilen göreşeris" diýdi.

 



Degişli Habarlar