ÝB bilen baglaşylan Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi bilen bagly şertnama gözden geçiriler

Ýewropa Bileleşigi ministri we Türkiýäniň adyndan Ýewropa boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik ÝB bilen Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi meselesinde baglaşylan şertnamanyň gözden geçirilmeginiň wagtynyň gelendigini mälim etdi

691811
ÝB bilen baglaşylan Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi bilen bagly şertnama gözden geçiriler

Ömer Çelik Reuters habarlar agentligine ÝB bilen başdan geçirilýän dartgynlyk barada beýanat berdi.

“Türkiýe şertnama bilen bagly öz üstüne düşen ähli şertleri ýerine ýetirdi, ÝB bolsa beren wadalarynyň hiç birini ýerine ýetirmedi” diýen Ömer Çelik “Türkiýe bu şertnamany islän mahaly, islän ýagdaýynda gözden geçirer, şonuň hem wagty geldi” diýip belledi.

Bu şertnamanyň dowam etmegi üçin hiç hili sebäbiň ýokdugyny aýdan Ömer Çelik: “Türkiýäniň raýatlaryna wize erkinligi babatynda biz şuny pikir etdik: ÝB bu babatda obýektiw we balansirlenen pozisiýa eýe bolmaz, bu anyk boldy. Bu şertler bilen terror kanunyny giňeltmeris, wiza meselesi boýunça ÝB Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Frans Timmermans bilen duşuşygymyz bolmalydy, emma başdan geçirilen wakalar sebäpli oňa zerurlygyň bolmandygyny gördüm” diýdi.



Degişli Habarlar