Premýer ministr Ýyldyrym Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Barzani bilen duşuşdy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Ankara gelen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesut Barzani bilen duşuşdy

681253
Premýer ministr Ýyldyrym  Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy  Barzani bilen duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan tarapyndan öňňin Stambulda kabul edilen Barzani düýn hem Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy.

Duşuşykda aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Yrakdaky barlygy, Mosulda we Telaferde terror guramasy DAİŞ-e garşy guralýan operasiýa meselesi gün tertibine getirildi.

Ýyldyrym bilen Barzani Kerkugyň nebitiniň Eýranyň üsti bilen akdyrylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesut Barzani 1,5 sagat dowam eden duşuşykda şeýle hem terrora garşy göreş meselesi hakynda pikir alyşdy.

Iş naharynda duşuşan Ýyldyrym bilen Barzani naharda Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy üçin 24-nji awgustda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde başladylan Ýefrat galkany operasiýasy, Siriýanyň Rakka şäherine guralmagy ähtimal operasiýa we terrora garşy göreşde ýetilen soňky sepgit hakynda pikir alyşdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar