Faruk Çelik Azerbaýjanda saparda bolýar

uk Çelik saparynyň çäginde şu gün Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndky Oba hojalyk komitetiniň 8-nji maslahatyna gatnaşar

678237
Faruk Çelik Azerbaýjanda saparda bolýar

Azyk, oba hojalyk we maldarçylyk ministri Faruk Çelik Azerbaýjanda saparda bolýar.

Düýn agşam Bakuwa baran Faruk Çelik Türkiýäniň Azerbaýjandaky ilçihanasynda berlen nahara gatnaşdy.

Ministr Çelik naharda Azerbaýjanyň Oba hojalyk ministri Haýdar Asadow we işewür adamlary bilen duşuşdy.

Faruk Çelik saparynyň çäginde şu gün Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndky Oba hojalyk komitetiniň 8-nji maslahatyna gatnaşar.

Maslahata 100-e golaý türk firmasynyň wekili hem gatnaşar.

 



Degişli Habarlar