Çawuşogly: “ÝPG bilen DAIŞ özara ýarag söwdasyny edýär”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG bilen DAIŞ-iň özara ýarag söwdasyny edýändiklerini mälim etdi

675841
Çawuşogly: “ÝPG bilen DAIŞ özara ýarag söwdasyny edýär”

Çawuşogly G20-niň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna we 53-nji Halkara Mýunhen konferensiýasyna gatnaşmak maksady bilen baran Germaniýanyň Mýunhen şäherinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Çawuşogly Siriýada tapawutly toparlaryň bir tarapdan söwda we birek-birege goldaw berýändiklerini, beýleki tarapdan bolsa biri-birlerini öldürýändiklerini belläp: “Berilen ýaraglaryň ýarsy DAIŞ-e, ýarsy bolsa ÝPG-e berilendigini gördük. Şonsyzam ÝPG-niň eline ýarag geçmegi, PKK-nyň eline geçmek diýmekdir. Bulary geçirilýän operasiýalarda görýäris, olary ele salýarys. ÝPG bilen DAIŞ esasan hem biri-birine garşy söweşýär. Olar Siriýanyň geljegi üçin dälde, biri-birinden toprak almaga synanyşýarlar. Käwagt bolsa ýarag söwdasyny edýärler, çalyşýarlar, satýarlar. Olar özara nebit söwdasyny hem edýärler. Şu gün bolsa ÝPG-e ýarag bermegiň howpyny we töwekgelligini öň hatara çykarmagy we ähli taraplaryň üns bermegine synanyşdyk” diýdi.

Prezident R.T. Erdoganyň, Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň we özüniň hem amerikaly söhbetdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda Türkiýäniň ÝPG babatyndaky duýgurlygyny ýetirendiklerini bellän Çawuşogly: “Terrorçylar bilen iş salyşmagyň howplaryny, ýalňyşlaryny we töwekgelligini amerikaly dostlarymyza düşündirdik, düşündirýäris. Dogry toparlar bilen bilelikde hereket etsek DAIŞ-i Al Babdan soň Rakkada we beýleki ýerlerde ýeňip bileris, Siriýadan saplap bileris. Yrakda hem has gowy strategiýamyz bolmaly, iň gysga wagtda Mosuly DAIŞ-den saplamaly. Bular syýasy derejedäki gepleşikler bilen birlikde razwedka we harby derejelerde hem geçirildi we mundan soň hem geçiriler” diýdi.



Degişli Habarlar