“ÝB-niň deňagramlylygy Türkiýäniň agza bolmagy bilen oňyn ýagdaýa üýtgär”

ÝB ministr we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik Ýewropa Bileleşiginiň deňagramlylygyň Türkiýäniň agza bolmagy bilen oňyn ýagdaýda üýtgejekdigini mälim etdi

669429
“ÝB-niň deňagramlylygy Türkiýäniň agza bolmagy bilen oňyn ýagdaýa üýtgär”

Ministr Çelik Ýewropany 2017-nji ýylda täze sahypa açyp, jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge çagyrdy.

ÝB ministri Ömer Çelik 2 günlik sapar bilen Pariže bardy.

Ministr Çelik Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Mark  Aýro, ÝB ministri Harlem Desir we Senatyň başlygy Žerar Laşer bilen duşuşdy.
 
Çelik ondan soň bolsa Fransiýanyň Halkara gatnaşyklar institutynda çykyş etdi.

Ömer Çelik ABŞ-nyň goranmaga gönükmegi, Hytaýyň golballaşmak üçin tagallalaryny artdyrmagy, Britaniýanyň ÝB-den aýrylmagy ýaly ençeme adatdan daşary meseläniň halkara deňagramlylygy üýtgedendigine ünsleri çekdi. 
Çelik Ýewropanyň artan rasizmiň kölegesinde galyp, Türkiýä garşy pazisiýa eýelemeginiň ýalňyşdygyny belledi.
 
Ýewropada Türkiýäniň ululygyndan gorkulmaly däldigini ünsleri çeken Çelik Türkiýäniň ululygynyň bagtyýarlygy artdyrmak we meseleleriň aglabasyna çözgüt tapmak ugrunda Ýewropadaky deňagramlylyga oňyn täsir ýetirjekdigini habar berdi. 

Ömer Çelik Fetullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň ýewropaly liderlerden ozal Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkiýä jaň edip agdarlyşyk synanyşygyny ýazgarandygyny ýatladyp, Türkiýe bilen Russiýanyň tebigy gaz başda bolmak bilen ykdysady we syýasy meselelerdäki ýakyn gatnaşyklaryň Ýewropanyň hem bähbidinedigini belledi.



Degişli Habarlar