DAIŞ bilen bolan çaknyşyklarda şehit bolan esgerleriň sany 5-e ýetdi

Şehit esgerler şu gün dogduk diýarlarynda jaýlanar

668426
DAIŞ bilen bolan çaknyşyklarda şehit bolan esgerleriň sany 5-e ýetdi

Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň ýaragly güýçleri tarapyndan guralýan Ýefrat galkany operasiýasynyň çäginde düýn bolan çaknyşyklarda şehit bolan esgerleriň sany 5-e ýetdi.

Terror guramasy DAIŞ bilen bolan çaknyşykda 15 esger hem ýaralandy.

170 günden bäri dowam edýän Ýefrat galkany operasiýasynda şehit bolan esgerleriň sany 61-e ýetdi.

Şehit esgerler şu gün dogduk diýarlarynda jaýlanar.

 


Etiketkalar: #şehit , #DAIŞ , #esger , #diýar , #jaýlanmak

Degişli Habarlar