Prezident Erdogan arçynlar bilen duşuşdy

Prezident R.T. Erdogan 1923-nji ýylda Respublika yglan edilip, syýasy uguryň kesgitlenendigini ýatlatdy

668249
Prezident Erdogan arçynlar bilen duşuşdy

R.T. Erdogan Prezidentiň Kompleksinde geçirilen Arçynlaryň 36-njy maslahatynda çykyş etdi.

Ýurt we millet hökmünde tankydy pursatlardan geçilýän bir wagtdaky bu maslahatyň wajypdygyna ünsleri çekip: "Bütin dünýäde bu maslahatlaryň görülýändigini biliň. Bu ýerde siziň bilen Türkiýä we dünýä birlik, jebislik, raýdaşlyk bilen berýän ýüzlenmelerimiz taryha ýazylýar" diýdi. 

Çykyşynda aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen saýlawlaryň üstünde durup geçen Erdogan: "Türkiýe 1923-nji ýylda Respublika yglan edip syýasy ugruny kesgitledi, mundan beýläk milletimiziň bular ýaly bir meselesi ýok" diýdi.

 



Degişli Habarlar