Ankara bilen Waşingtonyň arasynda ilkinji resmi gepleşik

Iki lideriň arasyndaky telefon söhbetdeşligi 45 minut dowam etdi

667552
Ankara bilen Waşingtonyň arasynda ilkinji resmi gepleşik

Prezident R. T. Erdogan 20-njy ýanwarda ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine başlan Donald Tramp bilen ilkinji resmi teelfon söhbetdeşligini geçirdi.

Iki lideriň arasyndaky telefon söhbetdeşligi 45 minut dowam etdi.

Amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirlen telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen ABŞ-nyň dost we hyzmatdaş iki ýurtdygy nygtaldy.

Iki lider terrora garşy göreşiň dowam etdirilmelidigini aýratyn belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp ýurdynyň strategik hyzmatdaşy we NATO agza Türkiýä goldaw berýändiklerini nygtady we DAİŞ-e garşy göreşde Türkiýäniň berýän goldawlary üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

Trampyň  Döwlet sekretary Reks Tillerson bilen geçiren maslahatynyň yzy ýanyndan Prezident Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmegi ünsleri özüne çekdi.

Aslynda iki lider ozal hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Prezident Erdogan 8-nji noýabrdaky prezident saýlawyndan soň Donald Trampa telefon edip saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlapdy.

 



Degişli Habarlar