Stambulda täze ýyl gijesi guralan hüjüm bilen bagly derňew işi dowam edýär

Stambul şäheriniň Ortaköý etrabynda täze ýyl gijesi gijeki klublaryň birine guralan hüjüm bilen bagly derňew işi dowam edýär

665015
Stambulda täze ýyl gijesi guralan hüjüm bilen bagly derňew işi dowam edýär

Göz tussaglygyna alynan 11 adam kazyýete iberildi.

Şübhe astynda bolanlaryň arasynda Abdulkadir Maşaripowyň aýaly Zarina hem bar.

Prokuratura kazyýete iberen hatynda göz tussaglygyna alynanyň terror guramasy DAIŞ-e agzadygy ünsden düşmedi.

Zarinanyň hakyky şahsyýetini tussag edileninden soň gizlemäge synanyşandygy bellendi.

Hüjümden soň Stambul, Bursa, Konýa we Izmir ýaly şäherlerde operasiýalar geçirildi we köp sanda adam göz tussaglygyna alyndy.

Hüjümçi Abdulkadir Maşaripowyň Içeri işler müdürligindäki işleri bolsa dowam edýär.

 


Etiketkalar: #Stambul , #Ortaköý , #Bursa , #DAIŞ

Degişli Habarlar