Binali Ýyldyrym Angela Merkel bilen duşuşyk geçirdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym 1 günlük sapar bilen Türkiýä gelen Germaniýanyň Federal kansleri Angela Merkel bilen duşuşyk geçirdi

664425
Binali Ýyldyrym Angela Merkel bilen duşuşyk geçirdi

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Premýer ministr Binali Ýyldyrym Germaniýanyň Federal kansleri bilen howpsyzlyk we ykdysadyýet başda bolmak bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi.

Binali Ýyldyrym: “Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamy başda bolmak bilen ähli terror guramalaryna garşy göreşde Germaniýanyň goldawyna zerurlygymyz bar” diýip, “Terror diňe Germaniýanyň we Türkiýäniň meselesi däl. Terror dünýäniň iň uly belasydyr. Terror guramasy DAIŞ başda bolmak bilen ähli terror guramalaryny sebitden saplamak ählimiziň umumy jogapkärçiligimizdir” diýip belledi.

Germaniýanyň Federal kansleri hem TBMM-ne baryp FETÖ-niň duw-dagyn eden ýerlerini görendigini nygtady.

“Türkiýäniň uly bir ýüküň astyndadygyny bilýäris” diýen Merkel Germaniýada PKK-nyň terror guramasy hökmünde kabul edilendigini aýdyp: “Terrora garşy göreşde hyzmatdaşlygymyz dowam eder, Türkiýäniň ýanyndadyrys we ony goldaýarys” diýip habar berdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym myhman lideriň hormatyna agşam naharyny berdi. Agşam naharyna iki ýurduň wekilleri hem gatnaşdy.



Degişli Habarlar