Türkiýe şertleri berjaý edýän siriýalylara raýatlyk berme etabyny başlatdy

Raýatlyk üçin degişli şertleri eýe bolanlaryň ýüz tutmalary kabul ediler

661915
Türkiýe şertleri berjaý edýän siriýalylara raýatlyk berme etabyny başlatdy

Siriýaly bosgunlara eý ebolan üpjünçiliginiň öwezinde raýatlyk beriljekdigi, mundan soň ýaşaýyşlarynyn Türkiýede has ýeňil boljakdygy beýan edildi.

Türkiýede ýaşaýan 3 million siriýaly bosguna raýatlyk beriş etaby başlady.

Ýewropa ýurtlary hünärmen, ukyply we maliýe taýdan gurply siriýalylary özüne çekýär.

Prezident R.T.Erdogan alyp barýan syýasatyna laýyklykda 3 million siriýala raýatlyk beriliş etabyny yglan etdi.

Raýatlyk hukugyna eýe bolmak isleýän adamlar Türkiýäniň soraýan özboluşlygyna eýe bolmaly.

Türkiýede ýaşaýan siriýalylar birnäçe pudakda işleýärler.

Dürli iş ýerlerinde işleýän we şolaryň hatarynda iň başarjaňlary hem türkleri hem-de siriýalylara işe kabul edýär.

Maksat, başarjaňlaryň raýatlyk üçin ýüz tutma mümkinçiligine eýe bolanlaryň sanawyna degişlibolup bilmek.

Eger birinji tapgyrda üstünlik gazanylan halatynda soralýan şertleri berjaý edýän siriýalylaryň ýüz tutmalary kabul ediler.

Bosgunlykda bolup raýatlyk üçin amatly şertleri bolmadyklar bolsa ozalky şertlerde ýaşamaga dowam ederler.



Degişli Habarlar