Wise-premýer Şimşegiň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Dawosa gitdi

Şimşek forumyň çäginde geçiriljek oturlyşyklarda çykyş eder

654677
Wise-premýer Şimşegiň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Dawosa gitdi

Wise-premýer Mehmet Şimşegiň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti  Bütindünýä Ykdysadyýet forumyna gatnaşmak üçin düýn Şweýsariýanyň Dawos şäherçesine gitdi.

Wise-premýer Şimşek “Jogapkärçilikli we ünsli liderlik” temasy bilen geçirilýän forumyň çäginde geçiriljek oturlyşyklarda çykyş eder.

Siriýa krizisi we dünýadaki çaknyşyklar bilen birlikde birnäçe mesela garaljak forumda global iş hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we ykdysadyýeti ösdürmek ýaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Foruma 100-den gowrak ýurtdan 3 müňe golaý işewür adamy, syýasatçy, ylmy işgär we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýar.

 

 



Degişli Habarlar