Digital oýunlar islamafobiýanyň ýaýbaňlaşmagy üçin serişde hökmünde peýdalanylýar

Ýaşlar we sport ministrligi bolsa şol oýunlar barada halka giňişleýin maglumat berýär

655135
Digital oýunlar islamafobiýanyň ýaýbaňlaşmagy üçin serişde hökmünde peýdalanylýar
bilgisayar oyunlarında islamafobi3.jpg
bilgisayar oyunlarında islamafobi2.jpg
bilgisayar oyunlarında islamafobi4.jpg

Ýaşlar we sport ministrliginiň “Kompýuter oýunlarynda islamafobiýa” atly işinde yslam dinini ýoýmak üçin mobilizlenme yglan edilendigi, düşünjeleri özgertmek üçin işe girişilendigi beýan edilýär.

Geçirilen barlaglara görä musulmanlardan gorkmak adaty ýagdaýa getirilip, ýigrenjiň we duşmançylygyň hem adatylaşdyrylmagy üçin tagalla edilýän bolsa, teleýaýlym, kino, kompýuter, planşet, öýjükli telefonlar arkaly ýaramaz düşünjeler ýaşlaryň aňyna ornaşdyrylýar.

Sylaşyksyz we kemsidiji düşünjeler açyk-aýdyň beýan edilen halatynda medeni, milli we ahlak gymmatlyklary arkaly aňa ornaşmagynyň öňi alynýar.

Şol sebäpli oýunlary düzýänler düşünjeleri tapawutlandyrylyp bilinmejek gizlinlikde ornaşdyrýarlar.

Yslam we musulman duşmançylygy bilen gurşalan digital oýunlar islamafobiýanyň ýaýramagy üçin serişde hökmünde peýdalanylýar.

Onuň sebäbi oýunçylaryň digital oýunlarda baş gahryman bolmaklary we oýuna işjeň gatnaşmaklary.

Adam kino-filme tomaşa edýärkä terrorçy rolunda oýnaýanyň öldürilmegine şaýatlyk edýär. Emma digital oýun oýnaýarka esger hökmünde terrorçy hökmünde öz öňüne çykarylan musulmany gönüden göni öldürýär we öldüren musulmanynyň sanyna görä bal/sylag gazanýar.

Çalt depginde ýaýbaňlanýan kompýuter oýunlarynda “Musulman gyrgynçylygy” edilýär, “Yslam duşmançylygyna” meçew berilip, gönükdirme edilýär.

Ministrlik mesele boýunça www.oýunlardaislamafobi.jom saýtyny açyp, islamafobiýa barada giň maglumat toruny döretdi.

Şol portal arkaly düşünje gönükdirmesine göz ýetirmeýän oýunçylary, ata-eneleri we ýaşlary yslam dinine garşy alynyp barylýan oýunlaryň bardygyndan habarly etmek we islamafobiýadan goramaklyk maksat edinilýär.

 



Degişli Habarlar