Ýefrat galkany operasiýasynyň 146-njy gününde DAIŞ-e agza 18 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýanyň başlan gününden bäri jemi 2933 partlaýjy maddasy bilen 43 granat täsirsiz ýagdaýa getirildi

652251
Ýefrat galkany operasiýasynyň 146-njy gününde DAIŞ-e agza 18 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylara garşy guralýan Ýefrat galkany operasiýasynyň 146-njy gününde terror guramasy DAIŞ-e agza 18 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan berlen maglumata görä, DAIŞ-iň başda durmagynda terror howpyny ortadan aýyryp serhet ýakasynda howpsyzlygyň üpjün edilmegi we halkara hyzmatdaş güýçlerine goldaw bermek üçin Siriýanyň demirgazygyna 24-nji awgustda başladylan Ýefrat galkany operasiýasy dowam edýär.

Operasiýanyň 146-njy gününde DAIŞ-e degişli gaçybatalgalar, goranyş merkezleri, ýarag ammary we ulaglardan ybarat 180 ýer nyşana alyndy.

Howa güýçleri serkerdeligine degişli uçarlar  bilen Al Babda terror guramasy DAIŞ-e degişli 8 ýere guralan howa hüjüminde 5 bina bilen bomba ýüklenen 2 ulag nyşana alyndy.

DAIŞ-den yzyna alynan ýerlerde elde ýasalan 6 partlaýjy maddasy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýanyň başlan gününden bäri jemi 2933 partlaýjy maddasy bilen 43 granat täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 



Degişli Habarlar