"Türkiýäniň garşysyna çykyp bilmeýänler terror guramalary arkaly Türkiýä zeper ýetirmek isleýär"

Prezident Erdogan terror guramasy DAIŞ-iň, PKK-nyň, PÝD-niň, ÝPG-niň, DHKP-J-niň we FETÖ-nyň biri-birinden tapawudynyň ýokdygyna ünsi çekdi

645185
"Türkiýäniň garşysyna çykyp bilmeýänler terror guramalary arkaly Türkiýä zeper ýetirmek isleýär"

Prezident R. T. Erdogan Ankarada Keçiören metrosynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde Türkiýäniň garşysyna çykyp bilmeýänleriň terror guramalary arkaly Türkiýä zeper ýetirmegi maksat edinýändiklerini nygtady.

Türkiýäniň ýoluna dowam etjekdigini aýdan Erdogan, “Bizi bir wagtlar DAIŞ-e garşy göreşmezlik bilen aýyplanlaryň, şol gurama garşy  guraýan operasiýalarymyzdan soň “20 kilometri geçmäň” diýmekleri ýöne ýere däldir. Olaryň näme diýýandiklerine garamazdan ýolumyza dowam edýäris”diýip belledi.

Türkiýäniň DAİŞ-e garşy göreşiniň dowam etjekdigine ünsi çeken Erdogan, “DAIŞ-e garşy başga terror guramalaryna goldaw berýänleriň oýunlary we bahanalary Türkiýäniň operasiýalary bilen bozuldy we puja çykdy. Olaryň esasy derdi sebiti DAIŞ-den we beýleki terror guramalaryndan saplamak däl, eýsem tersine sebiti gan kölüne öwürmekdir”diýdi.

Türkiýä abanýan howplaryň ýok edilmelidigini nygtan Prezident Erdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi. “Türkiýäniň howpsyzlygy  Gaziantepde däl Halapda, Hatdaýda däl eýsem Idlipde, Mersinde däl eýsem Kiprde, Karsda däl eýsem Nahiçewanda, Artwinde däl eýsem Batumide, Trakiýada däl eýsem Balkanlarda başlaýar we muny ýatdaň çykarmalyň”.

Prezident Erdogan terror guramasy DAIŞ-iň, PKK-nyň, PÝD-niň, ÝPG-niň, DHKP-J-niň we FETÖ-nyň biri-birinden tapawudynyň ýokdygyna ünsi çekdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #howp , #DAIŞ , #Keçiören , #metro

Degişli Habarlar