Täze konstitutsiýa mejlisiň Konstitutsiýa toparynda kabul edildi

Täze konstititsiýa teklibi Türkiýäniň beýik millet mejlisiniň Konstitutsiýa toparynda kabul edildi

640695
Täze konstitutsiýa mejlisiň Konstitutsiýa toparynda kabul edildi

21 maddalyk teklip komissiýada 18 madda çenli azaldyldy.

Teklipde ünsleri çeken iň üýtgeşik maddalar Prezidentiň ygtyýary bilen baglanşykly maddalar boldy.

Mundan beýläk Prezident patiýasy bilen arabaglanşygy kesilmez.
 
Prezident saýlawlarynyň täzeden geçirilmegi barada karar kabul edilen halatynda umumy saýlawlar bilen Prezident saýlawlary bilelikde geçiriler.

Prezident konstitutsiýa üýtgeşiklik girizmek bilen baglanşykly kanunlary, islän halatynda ses berilşige goýar.

Milli howpsyzlyk syýasatyny kesgitlär we gerek bolan çäreleri alar.

TBMM-niň adyndan Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine wekilçilik eder.

Prezidente Adatdan daşary ýagdaýy yglan etmek barada ygtyýar beriler.

Adatdan daşary ýagdaý yglan edilen güni resmi gazetde çap ediler we şol gün TBMM-niň tassyklamagyna beriler.

Saýlawlara gatnaşyp bilmek ýaş 18 ýaşa düşüriler, deputatlaryň sany 550-den 600-e çenli artdyrylar.

Käbir maddalar bolsa harby kazylar bilen baglanşykly bolar.

Teklibiň 16-njy maddasyna laýyklykda harby kazylar aýrylar.

Teklip täze ýylda mejlisiň umumy geňeşiniň gün tertibine alynar.



Degişli Habarlar