Türkiýäniň we Russiýanyň Prezidentleriniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy

640439
Türkiýäniň we Russiýanyň Prezidentleriniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy

Söhbetdeşligiň barşynda Siriýada şu gün gije güje girjek od açmazlyk baradaky ylalaşyk bilen birlikde Astana etaby ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn telefon söhbetdeşliginde Siriýada şu gün gije güje girjek od açmazlyk baradaky ylalaşyk bilen birlikde Astana etabynyň ele alynandygyny habar berdi.

Kalyn: “Od açmazlyk ylalaşygy BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan terror guramasy hökmünde kabule dilen toparlary öz içine almaz. Ylalaşyk bilen Halapda ýola goýulan parahatçylygyň ýurduň beýleki sebitlerini hem öz içine alynmagy, ynsanperwer kömekleriň yzygiderli üpjün edilmegi we syýasy etabyň janlandyrylmagy maksat edinilýär” diýdi.



Degişli Habarlar