"Ýefrat galkany operasiýasy türk halkynyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin guralýar"

“Ynsanlarymyzyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi bizin üçin esasy meseledir”

637235
"Ýefrat galkany operasiýasy türk halkynyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin guralýar"

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Ýefrat galkany operasiýasynyň türk halkynyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin guralýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň başgasynyň ýerini basyp almak ýaly niýetinin ýokdygyna ünsi çeken Premýer ministr “Ynsanlarymyzyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi bizin üçin esasy meseledir” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Stambulda Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň ýylyň başarjaň eksportçylaryna baýrak gowşurylyş dabarasynda sözlän sözünde Ýefrat galkany operasiýasy hakynda maglumat berdi.

Türkiýäniň serhetlerinde we serhetaşa terror guramalaryny gözegçiligi astyna alçak güýje eýedigini aýdan Premýer ministr terrora daşardan berilýän logistiki goldawy ýerinde kesmegi maksat edinýändiklerini aýratyn belledi.

Çykyşynda eksportçylaryň gazanan üstünligi hakynda hem durup geçen Premýer ministr eksportçylaryň Türkiýäniň daş-töwereginde bolup geçýän wakalara, global ykdysady ösüş depgininiň gowşandygyna garamazdan şu ýyl uly üstünlik gazanandyklaryny ýatlatdy.

 

 

 



Degişli Habarlar