Çawuşogly fransuz kärdeşi Aýrault bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Mark Aýrault bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

636249
Çawuşogly fransuz kärdeşi Aýrault bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä söhbetdeşlik Aýraultyň islegine laýyklykda geçirildi.

Aýrault söhbetdeşlikde soňky döwürde Türkiýede başdan geçirilen terror hüjümleri barada Fransiýadan berilen ýazmaça beýanatlara goşmaça, gönüden telefon arkaly Türkiýe bilen arkalaşýandyklaryny beýan etmek isländigini aýtdy.

Çawuşogly hem Aýraulta eden arkalaşygy we beren goldawy üçin sagbolsun aýtdy. Çawuşogly fransuz kärdeşine Siriýanyň Halap şäherinde gazanylan ylalaşyk, ilatyň göçürilmegi we Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilen Siriýa meselesindäki üç taraplaýyn maslagat barada maglumat berdi.

Siriýadaky soňky şertler we ilatyň göçürilmegi barada pikir alyşmak maksady bilen 20-nji dekabrda Russiýanyň paýtagty Moskwada maslahat geçirilipdi. Maslahata Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif gatnaşypdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň Siriýadaky çykgynsyzlyga çözgüt tapmak üçin bilelikde jarnama kabul edendigini aýtdy. Lawrow: “Türkiýe, Eýran we Russiýa parahatçylyk jarnamasyny goldaýar” diýdi.



Degişli Habarlar