"Rus ilçisiniň janyna kast edilmegi wakasynyň arkasynda FETÖ bar"

Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

634816
"Rus ilçisiniň janyna kast edilmegi wakasynyň arkasynda FETÖ bar"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň janyna kast edilmegi wakasynyň arkasynda Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň bardygyny aýtdy.

Russiýadaky saparyny dowam etdirýän Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Kerri rus ilçisi Andreý Karlowyň ýaragly hüjümde ýogalmagyna çuňňur gynanç bildirýändigini nygtady.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň hem-de Russiýanyň başdan geçirlen wakanyň arkasynda Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň bardygyny bilýändigini nygtady we hüjümçi hakynda maglumat berdi.

Diplomatik töwerekler Çawuşogly bilen Kerriniň telefon söhbetdeşliginde Moskwada geçirlen Siriýa temaly üç taraplaýyn maslahat hakynda hem pikir alyşandygyny nygtaýar.

 



Degişli Habarlar