Bikanun ýollardan Türkiýä girmäge synanşan 10 müň 314 adam tussag edildi

10 günde Türkiýä girmäge synanşan siriýaly 10 müň, yrakly 106 we eýranly 58 adam tussag edildi

629536
Bikanun ýollardan Türkiýä girmäge synanşan 10 müň 314 adam tussag edildi

Siriýadan, Yrakdan we Eýrandan bikanun ýollardan Türkiýä girmäge synanşan 10 müň 314 adam tussag edildi.

Baş ştab tarapyndan berlen beýanata görä, dekabr aýynyň 1-11-i aralygynda bikanun ýollardan Türkiýä girmäge synanşan siriýaly 10 müň, yrakly 106 we eýranly 58 adam tussag edildi.

Türkiýeden bolsa şol ýurtlara bikanun ýollardan girmäge synanşan 1031 adam tussag edildi.

Tussag edilenler bilen birlikde ýarag, ok-däri we azyk önümleri ele geçirildi.

Tunjeli welaýatynyň Nazimiýe etrabynda terrorçylara degişli gaçybatalgada hem köp mukdarda azyk önümleri ele geçirildi.

Bikanun göçüň öňüni almak maksady bilen gümrük geçelgelerinde berk howpsyzlyk çäreleri görülýär.

 



Degişli Habarlar