Daşary işler ministri Çawuşogly iş sapary bilen Liwanda

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Liwanda iş saparynda bolýar

622036
Daşary işler ministri Çawuşogly iş sapary bilen Liwanda

Çawuşogly saparynda Prezident saýlawlaryna we täze hökümetiň gurulmagy etabynda Türkiýäniň Liwana goldaw berýändigi barada ýüzlenme berer.

2,5 ýyl Prezident saýlanyp bilmedik Liwanda 31-nji oktýabrda krizisiň hötdesinden gelindi we Mişel Aoun ýurduň täze Prezidentligine saýlandy.

Çawuşogly Liwan saparynda täze Prezident Mişel Aoun, Mejlisiň başlygy Nabih Berri, wagtlaýyn Premýer ministr Tammam Salam, bellenen Premýer ministr Saad Hariri we Daşary işler ministri Gebran Bassil bilen duşuşar.

Daşary işler ministri Çawuşogly mundan başgada Beýrutdaky Ýunus Emre medeniýet merkezinde Liwandaky türk jemgyýeti bilen hem duşuşar.



Degişli Habarlar