Erdogan Mahmud Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

620764
Erdogan  Mahmud Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan telefon söhbetdeşliginde Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbany Fetihiň 7-nji kongresinde ýaňadandan başlyklyga saýlanmagy mynasibetli gutlady we palestinalylaryň arasyndaky ylalaşygyň we jebisligiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan Ysraýylda azanyň kolonkalar arkaly okalmagyny gadagan edýän kanun taslamasyna alada bildirýändigini aýtdy.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bolsa meselä uly ähmiýet berýändigi üçin Erdogana öz minnetdarlygyny bildirdi.

Erdogan bilen Abbas telefon söhbetdeşliginde Günbatar Şeriada 5 müň palestinala iş mümkinçiligini döretjek Genin senagat zolagy taslamasy hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar