"24-nji noýabrda türk esgerleriniň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjüm Russiýa tarapyndan guralmady"

ise-premýer Kurtulmuş Ministrler kabinetiniň mejlisi hakynda beýanat berdi

619528
"24-nji noýabrda türk esgerleriniň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjüm Russiýa tarapyndan guralmady"

Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmuş Siriýanyň Al Bab etrapçasynda 24-nji noýabrda türk esgerleriniň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjümiň Russiýa tarapyndan guralmandygynyň tassyklanylandygyny aýtdy.

Wise-premýer Kurtulmuş “Hüjümiň Russiýa tarapyndan guralmandygyny hut Jenap Putiniň özi tassyklady. Howa ulagynyň, uçaryň ýada uçarmansyz howa ulagynyň şol howa giňişligindäki hereketleri hakynda bellikler bar”diýdi.

Wise-premýer Kurtulmuş Ministrler kabinetiniň mejlisi hakynda beren beýanatynda Ýewropa Parlamentiniň Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň saklanmagyny maslahat berýän kararynyň Ýewropanyň syýasaty üçin möhüm duýduryşdygyny belledi.

Kurtulmuş kararyň Ýewropanyň gymmatlyklaryna bap gelmeýändigine we iki ýüzli çemeleşmäniň görkezijisidigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar