Neçirwan Barzani Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministri Neçirwan Barzani Türkiýede saparda bolýar

616453
Neçirwan Barzani Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi

Barzani Ankarada başladan saparyny Stambulda  dowam etdirdi we Prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi.

Prezident Erdogan myhman Premýer ministri Mabeýn köşgünde kabul etdi. Kabul edilşik 45 minut dowam etdi.

Neçirwan Barzani Türkiýe saparyna şu gün irden Ankaradan başladypdy.

Barzani ýurduň Premýer ministri bilen 1 sagat 15 minut duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Mosul operasiýasy başda bolmak bilen Yrakdaky soňky wakalar ele alyndy.

Duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň arasynda Türkiýe bilen Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk bilen birlikde sebitleýin meseleler hem bardy.

DAIŞ we PKK başda bolmak bilen terror guramalaryna garşy göreşde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigi barada ylalaşyk gazanyldy.

Barzani Daşary işler ministr Mewlüt Çawuşogly bilen hem duşuşdy.

45 minut dowam eden duşuşykda ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler bilen soňky wakalar orta atyldy.



Degişli Habarlar