“Ermenistan Ýokary Karabag sebitinden iň tiz wagtda çykmaly”

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Ermenistanyň Ýokary Karabag sebitinden iň tiz wagtda çykmalydygyny nygtady

616216
“Ermenistan Ýokary Karabag sebitinden iň tiz wagtda çykmaly”

Prezident R.T. Erdogan Stambuldaky Yslam hyzmatdaşlygy guramasy Ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň hemişelik komitedi ISEDAK-yň maslahatynda çykyş etdi.

Ermenistanyň basyp alan ol ýerlerinden iň gysga wagtda çykmalydygyny bellän Erdogan: “Ol ýerleriň hakyky eýeleri azerbaýjanly doganlarymyzdyr we azerbaýjanly doganlarymyz özleriniň şol ýerlerine baryp ýerleşmeli” diýdi.

Basyp alyjylyk syýasatynyň soňunyň ýokdugyny we häzirki wagtda Ýokary Karabagda gynansagam ermeni basyp alyjylaryň bardygyny aýdan Erdogan: “Türkiýe hökmünde bu basyp alyjylyga garşydyrys we esasan hem ABŞ, Russiýa we Fransiýa öz üstüne alan wezipelerini iň gysga wagtda tamamlamaly. Araçylyk wezipesi bolsa öz üstlerine düşen wezipäni tamamlamaly. Basyp alyjylygyň tamamlanmagyny we azerbaýjanly doganlarymyzyň öz toparklaryna gowuşmagyny dileg edýärin” diýdi.



Degişli Habarlar