Erdogan Özbegistana bardy

Pakistandaky saparyny tamamlan Prezident R.T.Erdogan düýn agşam iş sapary bilen Özbegistana bardy

613073
Erdogan Özbegistana bardy

Prezident Erdogan Samarkant şäherinde ilki bilen Özbegistanyň birinji Prezidenti Yslam Kerimowyň gubyryna bardy.

Erdogan gubyryň ýerleşýän zolagynda Prezidentiň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiriji we Premýer ministri Şowkat Mirziýoýew we Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy.

Özbegistanyň Musulmanlaryynň edarasynyň başlygy müfti Usmanhan Alimow bilen Samarkandyň Müftüsi Nuridhan Yslamow tarapyndan gurhan okaldy.

Erdogan soň bolsa Mirziýoýewden maglumat aldy.

Özbegistanyň garaşsyzlygy taýdan Kerimowyň iňňän möhüm işler edendigini nygtan Mirziýoýew Erdogana sapary üçin sagbolsun aýtdy.

Toparara iş naharyndan soň Ymam Buhari we Ymam Maturidiniň türbetlerini zyýarat etjek Erdogan Samarkandyň Registan meýdanyna baryp görer.

Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetde Wise-premýerler Tugrul Türkeş we Weýsi Kaýnak, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji bilen Maşgala we sosial syýasatlar ministri Betül Saýan Kaýa bar.

Prezident Erdogan Pakistandan gaýtmazyndan ozal Premýer ministr Nawaz Şerif tarapyndan öz hormatyna berilen agşam naharyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan nahardan soň Twitter arkaly Pakistan sapary ýazan garaýyşynda: “Pakistana guran resmi saparymyz iki ýurduň arasyndaky güýçli doganlyk gatnaşyklarynyň berçinlenmegine pursat döretdi” diýip ýazdy.

 



Degişli Habarlar