Prezident Erdogan Pakistana barýar

Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan Pakistana 2 günlik resmi sapar gurar

611667
Prezident Erdogan Pakistana barýar

Erdogan Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerif we kärdeşi Memnun Hüseýin bilen duşuşar.

Duşuşyklardan soň dürli ugurlary öz içine alýan şertnamalara gol çekiler.

Ondan soň bolsa metbugat ýygnagy geçiriler.

Erdogan Türkiýäniň we Pakistanyň kärhanalarynyň ýolbaşçylar bilen hem duşuşar we Milli Mejlisde we senatda çykyş eder.

Erdogan paýtagt Yslamabatdan soň Lahor şäherine geçer.



Degişli Habarlar