Prezident Erdogan ÝB-ne agzalyk gepleşikleriniň referenduma hödürlenmegini teklip etdi

Erdogan bu teklibi Ankarada geçirilen dabarada hödürledi

610538
Prezident Erdogan ÝB-ne agzalyk gepleşikleriniň referenduma hödürlenmegini teklip etdi

Beştepede milli ekerançylyk taslamasy üçin geçirilen dabarada çykyş eden Erdogan, Türkiýäniň täze howpsyzlyk konsepsiýasynda mundan beýläk haýsydyr bir terror guramasynyň aksiýasyna ýol berilmejekdigini aýtdy.

Erdogan: “PKK-nyň ýa-da başga bir terror guramasynyň haýsydyr bir aksiýasyna ýol berilmez. Tersine oňa bar güýjümiz bilen garşylyk görkezeris. Bilinýän bilinmeýän näçe adamy, goldawçysy, kömekçisi bar bolsa ählisini hukuga laýyklykda jezasyny çekdireris” diýdi.

Prezident Erdogan halkara arenasynda-da şol guramalaryň arkasynda durýanlara garşy göreşmekden çekinmejekdiklerini nygtady.

Prezident R.T.Erdogan terrorçylyga garşy göreş barasynda: “Hüjümlere şeýle bir jogap bereris welin, şeýle niýeti ýatlaryna hem salyp bilmezler” diýdi.

Erdogan Ýewropa Parlamentiniň başlygy Martin Şulsyň ölüm jezasy gaýtadan dikeldilen halatynda Türkiýä sanksiýa goýlup bilinjekdigi baradaky beýanatyna-da reaksiýa görkezip: “Gijä galdyňyz” diýdi.

ÝB-ne agzalyk gepleşiklerini referenduma hödürlemegi teklip eden Prezident R.T.Erdogan çykyşynyň ahyrynda zalda oturan Premýer ministr Binali Ýyldyryma seredip: “Premýer ministr, ministrler bärde. Men hem Prezident hökmünde ýylyň ahyryna çenli sabyr edeliň, soň halka ýüzleneliň” diýdi.



Degişli Habarlar