Prezident Erdogan resmi sapar bilen Belarusa gitdi

Erdogan Türkiýe bilen Belarusyň arasyndaky İşewürler maslahatynda işewür adamlaryna ýüzlenip çykyş eder

608559
Prezident Erdogan resmi sapar bilen Belarusa gitdi

 

Prezident Erdoganyň resmi saparynyň çäginde paýtagt Minskde Belarusyň Prezidenti Aleksander Lukaşenko bilen boljak duşuşygynda aktual we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşykda şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar we iki ýurduň arasynda käbir şertnamalara gol çekişiler.

Prezident Erdogan Türkiýe bilen Belarusyň arasyndaky İşewürler maslahatynda işewür adamlaryna ýüzlenip çykyş eder.

Prezident Erdogana saparynyň çäginde Wise-premýer Numan Kurtulmuş, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji bilen Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkji ýoldaşlyk edýär.

 



Degişli Habarlar