Türkiýe Ýemene goldaw berer
Ruaýni duşuşykda Türkiýänin syýasy tapgyrda ýurduna berýän goldawa kanagatlanma bildirdi
Ýemeniň Milli dialogyň iş ýüzüne geçirilmeginden jogapkär Döwlet ministri Ýasir Abdullah Ar Ruaýni Türkiýäniň Ýemeniň howpsyzlygyna we durnuklylygyna goldaw berýändigini aýtdy
Ýemeniň resmi habarlar gullugy “SABA-nyň” habar bermegine görä Milli dialogyň iş ýüzüne geçirilmeginden jogapkär Döwlet ministri Ýasir Abdullah Ar Ruaýni Türkiýäniň Ýemendäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lewent Eler bilen duşuşdy.
Ruaýni duşuşykda Türkiýänin syýasy tapgyrda ýurduna berýän goldawa kanagatlanma bildirdi.
Duşuşykda Türkiýäniň Ýemeniň howpsyzlygy, durnuklygy, ösüşi bilen birlikde Milli dialog maslahatynyň başlamagyndan bäri dowam edýän geçiş etabyna hem-de syýasy tapgyra goldaw berýändigini nygtan Ruaýni, şeýle-de halkara jemgyýetçiligine legallygy goldama dowam etmek, ýurdunda howpsyzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, agdarlyşlygy ortadan aýyrmak ugrundaky tagallalary goldamaga çagyrdy.
Türkiýäniň Ýemendäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lewent Eler bolsa, Türkiýäniň Prezident Abdurabbu Mansur Hadi tarapyndan wekilçilik edilýän konstitutsion hökümeti goldaýandygyny we Ýemeniň ýanynda durýandygyny aýtdy.